Halyçy Berdinazar Hudaynazarow

Seniň bahar ýüregiňde ýüwrdülip,
Gözüň guwanjyndan çitilen haly,
Göterip ýör seni, namysyň bolup,
Türkmen aýaly!

Daňyň şapagyndan darka bölünip,
Törüňe çaýylan öwüşgin ýaly.
Göterip ýör seni, şöhratyň bolup,
Türkmen aýaly!

Ak erişler — seniň ak arzuwyňdyr,
Göwnüň gözellegi — gyrmyzy göli.
Göterip ýör seni, seň yşkyň bolup,
Türkmen aýaly!

Ykbalyňy ýazyp çitimler bilen,
Sonar sähralardan alyp nagşyňy,
Kerwenleriň yzyn göle geçirdiň,
Möhür edip basdyň Günüň dogşuny.

Kakýan daragyňda çykýar dabyrdap,
Bedewleriň toýnagynyň owazy.
Halynyň üstüne eglen badyňa
Kükräp gelýär giň sähranyň howasy.

Alkyşlap gadymy Günüň şöhlesin,
Taryplap dünýäde halaň çöregi.
Halyň bilen aýlanyp ýör älemi!
Türkmenleriň şahyrana ýüregi!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.