Hal Galmaz – Magrupy – Magrupy

Hal galmaz
Döwlete ynanma, biakyl adam,
Baky degil, pany geçer, hal galmaz;
Tekepbir kylmagyl, menlik eýleme,
Bu bäs günluk döwran gider, mal galmaz.
Kesiler söhbetler, ýat olar sazlar,
Köl içinde gezen ördekler, gazlar,
Mestana juwanlar, serhosly gyzlar,
Döwran gider, söhbet gider, il galmaz.
Ýigide ölinçä ýagsy at gerek,
Aýal gerek, zürýat gerek, at gerek,
Barysmaga, gelismäge ýat gerek,
Dyz büküler, kuwwat gider, bil galmaz.
Magrupy, sen bu ýollardan çykmagyl,
Düzülgen ribatdyr, dinin ýykmagyl,
Nämähreme nazar salyp bakmagyl,
Çesmin gider, sünkün çüýrär, til galmaz.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.