Hakykatda Ýola Giren Derwüşler, – Magtymguly Pyragy

Hakykatda ýola giren derwüşler,
Pelle-pelle sidre bile kürs çykar.1
Başçysyz, pähimsiz ýola girenler,-
Ýolun şeýtan urar, ýoly ters çykar.
Arwah bar hem jyn bar, peleñ bar, gurt bar,
Gaýgy bar, gussa bar, ýol daşdyr, dert bar,
Uşbu ýola girseñ, niçeme şert bar,
Şertsiz ýola girseñ, garşy bars çykar.
Ysrafyl sur çalsa, ýer, gök egilse,
Şeýtan sar-sar ursa, daglar dagylsa,
Dejjal dünýä inse, goşun ýygylsa,
Yzy Hindde bolar, öñi Kars çykar.
Çilten, abdal gider, gaýyp galandar,
Dogagöý hiç galmaz, boşanar bender,
Kap dagynyñ gädiginde İsgender,
Döw ýoluna godurdygy gors çykar.
Magtymguly aýdar, bir zat bilmezem,
İşler bardyr, uhdesinden gelmezem,
Eý, ýaranlar, bu nädendir, bilmezem,
Hyzyr diýip el urdugym, hyrs çykar.
*
1 “Pelle-pelle süre bilen küre çykar” diýen setir hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.