Hak Tagala, Bu Ne-Niçik Ahwaldyr, – Magtymguly Pyragy

Hak tagala, bu ne-niçik ahwaldyr,
Dury diýp içdigim gumly çykypdyr.
Ne ýeser bihuda şum-keç ykbaldyr,
Halal diýip iýdigim jimli çykypdyr.
Kimse syrym bilmez, özün öldürse,
Pakyr bendelerge taňry bildirse,
Ile şatlyk, şadyýanlyk güldürse,
Maňa hemra bolan gamly çykypdyr.
Amuhta men örtenmäge, bişmäge,
Kişi ýok sözleşip, dert aýyşmaga,
Oba ujundan bardym öý soraşmaga,-
Ýa laldyr, ýa agzy mumly çykypdyr.
Menden şikat eder elim gerenim,
Galbirden şal çykar syrym berenim,
Pakyr diýip, paşmagna elim uranym,
Deprenende, döwden demli çykypdyr.
Magtymguly, hasaby ýok görenim,
Tama tutup , umyt elin gerenim,
Obasyna ärmiş diýip baranym,
Etegne el ursam, … çykypdyr.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.