Hak Seni Raýyňa Goýmuş Jahanda, – Magtymguly Pyragy

Hak seni raýyňa goýmuş jahanda,
Ýedi bileniň ýet münda, çilimkeş!
Diwan gurlan güni hasap jaýynda,
Jowabyň nämedir anda, çilimkeş!
Kuwwatyň kemelder, güýjüň az durar,
Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar,
Süňňüňi syzdyrar, etiň gyzdyrar,
Bir nyşana budur sende, çilimkeş!
El götergil beýle nähak talaşdan,
Puluň köýer, içiň ýanar bu işden,
Erte garnyň doldurarlar ataşdan,
Zähmi çykmaz, galar janda, çilimkeş!
Iki dünýä ýagşylyk ýok egriýe,
Kişi bolsaň, gadam goýgul dogruýa,
Binamaza, gybatkeşe, ogruýa,
Ýoldaş bolar ýowuz günde çilimkeş!
Magtymguly, möwlam jandan ýakyndyr,
Çilim bir şor suwdur, ten bir zemindir,
Iman bir tilkidir, göwre bir hindir,
Tilki tüssä dözmez hinde, çilimkeş!
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.