Hak Saňa Söz Diýmez Ýalan Jahanda, – Magtymguly Pyragy

Hak saňa söz diýmez Ýalan jahanda,
Ediwer bilenin munda çilimkeş!
Terezi gurulan heýhat gününde,
Jogabyň nämedir anda,çilimkeş!
Jepalar, hasretler görer şum seriň,
Eşek dek aňňyryp, daralar ýeriň,
Agzyndan geledir düýtli gan,iriň,
Bir nyşana budur sende, çilimkeş!
Melekler meýdanda tutup eglerler,
Tamug ortasynda eltip baglarlar,
Synalaryň jygyr-jygyr dahlarlar,
Köp galar sen gara günde, çilimkeş!
Pul-syrat üstünde oklarlar seni,
Zulmata salarlar, beklärler seni,
Zynjyr, künde bilen saklarlar seni,
Azapda, hasretde-kände, çilimkeş!
Endamyndan awy –zäher dökerler,
Süýegiňni bolum-bolum sökerler,
Bugra mysal möýler çykyp çakarlar,
Zähmi çykmaz, galar janda, çilimkeş!
Her kimse panyda döndi ýamana,
Ol ýerde dat eder,geler amana,
Namazyn terk eden, gybat-zybana,
Ýoldaş olar ýowuz günde çilimkeş!
Magtymguly, dowzah sary başlarlar,
Ýylanlar öwrülip gelip,dişlärler,
Elterler, jähennem içre taşlarlar,
Örtenip, ah urar anda çilimkeş!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.