Günde Ýüz Müñ Göç Hem Bolsa Ol Dünýä, – Magtymguly Pyragy

Günde ýüz müñ göç hem bolsa ol dünýä,
Ol mukdar bu dünýä gelen-de bardyr.
Ýüz müñ akmak bolup, gitse paýyna,
Ýüz müñ özüñ ýola salan-da bardyr.
Ýüz müñ derwiş syna daglap oturgan,
Ryýazatda bilin baglap oturgan,
Niçe ýerde görseñ, aglap oturgan,
Niçe ýerde bigam gülen-de bardyr.
Seýran etseñ bu dünýäniñ tört burçun,
Garyşypdyr halal, haram ,arwah, jyn,
Niçeler tämizläp ýol giderler çyn,
Niçe ýüz müñ gümrah bolan-da bardyr.
Ugursyz eýýamlar, añlamaz ärler,
Käşgi soran bolsa, saçaýdym dürler,
Kany ol Süleýman, Rüstemler, şirler,
Diýme, busuý, sypap, galan-da bardyr.
Magtymguly, köñle gaýgy getirme,
Bu bir iş bagtydyr, özüñ ýitirme,
Sözüm añlan ýok diýip, ümsüm oturma,
Jahan giñdir, çendan bilen-de bardyr.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.