Gün Hanjary Gökden Ýere Inende, – Magtymguly Pyragy

Gün hanjary gökden ýere inende,
Güne garşy dogan Aýy, gözel sen!
Ussa Jagfar işi, senjap jüpbesi,
Yspyhanda gurlan ýaly, gözel sen!
Saçbagyň uçunyň simdir işmesi,
Üstüňden ýol düşse, kyndyr aşmasy,
Agzyň aby-haýat, Zemzem çeşmesi,
Aýan-al baky subnyň laýy, gözel sen.
Gyzyl diýsem – gyzyl, al diýsem – al sen,
Hindistan – şeke Bulgarda – bal sen,
Yşk bilen açylan bir täze gül sen
Yusup – Züleýhanyň taýy, gözel sen!
Her kim güýçli bolsa oňa, oňa ,,pir’’ diyrler,
,,Dertli guluň dermanyny biyr’’ diyrler,
,,Gawunyň yagşysynşagal iyr’’ diyrler,
Ykbally bendäniň payy, gözel sen!
Owazaň Çyn-Maçyn, daglar aşasy,
Seni görenleriň akly çaşasy,
Hindistanyň reňki gyzyl meşesi,
Surayy çiliminiň nayy, gözel sen!
Magtymguly halkdan syryň gizlese,
Dişini uşadyň, yalan sözlese,
Owalda, ahyrda eyäm gözlese,
Garyp biçäniň payy, gözel sen.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.