Gulzumy Gyr Sanyp Kyrk Ýol Geçer Men, – Magtymguly Pyragy

Gulzumy gyr sanyp kyrk ýol geçer men,
Eger ki meýl etse ýar bizim sary.
Gadam erne ganat baglap uçar men,
Diýse dilber: „Aşyk, ýör bizim sary!“
Kyrk ýyl gol gowşuryp, gullukda dursam,
Atly günçe görmen altmyş ýyl ýörsem,
Bir şunçakly bolsa, görsem, jan bersem,
Jemalyn görkeze ýar bizim sary.
Ne laýykly ýüzüm bardyr tutarga,
Ne aýry gapym bar andan giterge,
Umydym bar, goýmaý bela-beterge,
Dergahyndan açsa der bizim sary.
Bir kimse ýolukdy desti şeraply,
Ýelden jaý namazly, suwdan mähraply,
Egni ak redaly, ýaşyl nykaply.
Ugraşdy bir ajap ýer bizim sary.
Ýoldaş bolsun, bile ýördüm bir meýdan,
Meýdan içre dolup oturmyş merdan,
Bir eýwan üstünde çarlap tört ýerden,
Diýdiler: „Goluňny ber bizim sary“
„Pyragy!“ diýp çagyrdylar, eltdiler,
„Kandadyň?“ diýp, gulagymdan tutdular,
Istihanym altmyş para etdiler,
Diýdiler: „Mert bolsaň, dur bizim sary“.
Magtymguly, bäş gün aşret sürmäge,
Jaý imesdir eglenmäge, durmaga,
Kararym ýok oturmaga, turmaga,
Agzym açyp durmuş ýer bizim sary.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.