Gul Gotar – Magrupy

Gul gotar
Bahar eýýamynda gögeren zatlar,
Owwal gögär, sonrasyndan gül götär;
Temurler jem bolup, baryr gül kibi,
Akyl eýlän, dostlar, sizi pul götär.
Bäs wagtyn goýmagyl, aýgyl senany,
Höwes etsen jennetdäki jenany,
Dagdan-dasdan beter agyr günäni
Gybat bilen ýalan sözlän dil götär.
Üstüme allanyn rahmeti ine,
Könlümin derýasy dolsa hem syna,
Owal esek münen sonra at müne,
Özün bilmez howa eýläp, dil götär.
Möwlam ýalan eder ýaman dinnäni,
Özün öwüp, syndyrmagyn önnäni,
Bäs ýüz kisä güýç bermedik tönnäni
Gudrat bilen baran ýagsa, syl götär.
Kimseler molladyr, kimse bagsydyr,
Kimsänin gözünde gözel nagsydyr,
Magrupy diýr, andan it hem ýagsydyr, —
Maly bolar, her isikde gol götär.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.