Gözüme Hergiz Sensiz Görünmez Jahan, Eŷ, Dost! – Magtymguly Pyragy

Gözüme hergiz sensiz görünmez jahan, eŷ, dost!
Ne jahan, belki, tende ger bolsa sed jan, eŷ, dost!
Dostlaryga bu işler biwepalyk ermezmi?
Jana jebriň artdyrdyň açdykça zyban, eŷ, dost!
Ol ki ruhsaryň görüp, köňül gopdy sen ŷara,
Jan bermeŷ gutulmak ŷok hiç aňa imkan, eŷ, dost!
Waslyňa umyt etgen uzmuş eliň janydan
Çeşmiň jellady-jahan, gaşyňdyr keman, eŷ, dost!
Destury-zaman budur, mazlumlara, lutf etgil,
Şerary-şowkuň artar etdikçe aman, eŷ, dost!
Umytly aşyklara wasl umydyň katg etgiň,
Aşykalara jebir andan bolgaŷmu bu ŷan, eŷ, dost!
Magtymguly, bir mahluk, men aşygam, sen-magşuk,
Ger diŷseň:“İstegim ŷok”, baraŷyn kaŷan, eŷ, dost!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.