Gözel Bardyr, Gözellerden Zyýada, – Magtymguly Pyragy

Gözel bardyr, gözellerden zyýada,
Anyn hyzmatyňda durasyň geler,
Edepli,erkanly,mylaýymzada,
Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.
Gözel bardyr, günde-günde görmeli,
Şol gözeliň syýa zülpüň örmeli,
Döküp,hazynanyň zerin bermeli,
Anyň söwdasynda bolasyň geler.
Bagzy gözel sirkä basdyr saçyny,
Artmaz,ýuwmaz,tabagyny,daşyny,
Sylamaz atasyn,ene,ýaşyny,
Anyň hyzmatyndan gaçasyň geler.
Gözel bardyr,ak kagyz dek bilegi,
Jan içinde bile bolar ýüregi,
Şeýle gözel mert ýigidiň geregi,
Ne hajat istese,beresiň geler.
Magtymguly,syn gerekdir gözele,
Herne kysmat bolsa,tartar özele,
Dünýä malyn harç et ýagşy gözele,
Ýamanyň ýanyndan gaçasyň geler.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.