Gözden Könül Berme Biwepalardan, – Magtymguly Pyragy

Gözden könül berme biwepalardan,
Bak, kim wepa görmüş biwepalardan!
Goỳma özüň ärsiz bet jepalarga,
Kim bähre tapypdyr bu biwepalardan.
Yşkyň owasazyn diňle daşyndan,
Jan jebrinden gorksaň, barma başyndan,
Serişdäň kem bolsa yşkyň işinden,
Bar, habar al gören mubtelalardan!
Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň,
Bendesi men söze hyrydar gulyň.
Kyrk oỳnaşly hatyň ỳagşydyr, biliň,
Şereňňiz köp tilli kethudalardan!
Şeraban-tehuran kimge jan bardyr,-
Köňül gözgi kimiň nury änberdir,
Dünỳä ỳedi başly ỳalmawyz mardyr,
Gaçganlar gutulmaz bu belalardan.
Ỳatma, Magtymguly, aşretiň söỳüp,
Munça ỳatajan sen kepeniň geỳip,
Hajatyň taparmy, hojasyn goyup,
Dileg eden kimse gul-gedalardan!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.