Göz, Köňül, Til, Akyl-Galdy Bu Tördi, – Magtymguly Pyragy

Göz, köňül, til, akyl-galdy bu tördi,
Jan watan arzuwlap, turdy ỳel bile.
Terhosym bar, gel, terk etme bu ỳurdy,
Aşret sürgün, söhbet gurgun gül bile.
Bir ajap menzildir, umydyň üzme,
Göwnüňi sowutma, watan diỳp gyzma,
Dükanyň dargytma, bazaryň bozma,
Ten mülkünde birniçe gün gal bile.
Myhman bolduň bu dünỳäniň öňüne,
Köňül berip gitme anyň küỳüne,
Başyň baglan, meşgul eder oỳuna,
Gitseň bermez, aldap gezer til bile.
Munda gul bol, bar, ol jahan seňipdir,
Elwan nygmat, täze birỳan seňipdir,
Behişt, Byrag, hüỳr-u ryzwan seňipdir,
Asy adam, dogry gelseň ỳol bile.
Pelek goỳmaz, bu gezdigiň saraỳda,
Gurt bile koỳ mydar etmez bir oỳda,
Dünỳä doly gazna ỳygsaň ne peỳda,
Çyn mal oldyr-jaỳna berseň el bile.
Gögi büküp, ỳazsa ỳeriň ỳüzüni,
Gurt gaňrylyp, gapa bilmez guzyny,
Mubaryzlar tuta bilmez özüni,
Pil hem durar baglasar gyl bile.
Magtymguly hak gullugyn bitirse,
Är ol bolar-emrin berjaỳ getirse,
Möwlam özi diwan üçin otusa,
Peşe turup, dawa kylar pil bile.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.