Göýä Bu Dünýäge Geldiň, Gelmediň, – Magtymguly Pyragy

Göýä bu dünýäge geldiň, gelmediň,
Kul ýygar sen mydam işiň nas atan,
Şerigat ýolundan habar almadyň,
Galar dowzah içre läşiň, nas atan,
Temmäki diýp her işige ýortar sen,
Çala owup, uç mysgaldan tartar sen,
Bir sumgürip, ýanbaşyňa surter sen,
Haram bolar ust-u başyň nas atan.
Namaza duraňda, üstüňe akar,
Anyň üçin müň ýyl dowzahda ýakar,
„Weýl“ diýgen jaýda tütüniň çykar ,
Kabul bolmaz gözde ýaşyň, nas atan.
Ýagşy-ýaman eden işin – „hak eder“,
Nas atanlar galampurun cak eder,
Akar durar, üsti-başyň poh eder,
Senden gaçar deňi-duşuň, nas atan.
Gözüňi ýaşardyp, mähriň gandyrar
Gelse humar, imanyňy ýandyrar,
Tagam iýseň, tabagyňydoldurar,
Murdar bolar içen aşyň, nas atan.
Ýagşy-ýaman edep işin – „hak eder“,
Nas atarlar galampurup çak eder,
Akar-durar, üsti –başyň poh eder,
Senden gaçar deňi-duşuň, nas atar.
Gözüňi ýaşardyp, mähriňi gandyryp,
Gelse humar, imanyňy ýandyrar,
Tagam iýseň, tabagyňy doldurar,
Murdar bolar içen aşyň, nas atan.
Her adamy görseň, gizläp gaçar sen,
Burnuňdan dem gelmez: agzyň açar sen,
Keýpi gelse, ogul-gyzdan geçer sen,
Haýran bolar oba-goňşyň, nas atar.
Kyrkyňa baraňda, beýniňe çykar,
Bu şirin janyňy dowzahda ýakar,
Çakjaňy ot eýläp, burnyňa dykar,
Zähmiňden döküler dişiň, nas atar.
Magtymguly, ölenden soň bilerler,
Jynaza okamaý, burnuň diýerler,
Sakar diýgen jaýa seni salarlar,
Nara döner içiň-daşyň, nas atar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.