Görsem,eý, Dilber, Jemalyň,ygtyýarym Galmaz-A, – Magtymguly Pyragy

Görsem,eý, dilber, jemalyň,ygtyýarym galmaz-a,
Görmez ersem bir zaman,sabr-y kararym galmaz-a,
Waslyň umydyna bir dem ygtybarym galmaz-a,
Bolmasa umydy waslyň,hiç mydarym galmaz-a.
Ger enaýat bolmasa senden, açylmaz ýolumyz,
Tutgun olar daýyma,bolmaz küşat ykbalymyz,
Jebir ile bima olup,aşufta bolgan halymyz,
Rehim edip,sen sormasaň,bir aýry ýarym galmaz-a.
Hasrat içre galmyşam,ajyl boluban mande men
Parh ede bilmen özüm eŷbanda ŷa weŷranda men,
Kimse pähim etmez bu derdim, bolmuşam dermanda men,
Sanyrap ölmezden owwal teňde janym galmaz-a.
Göŷe ki beŷtul-hazan men, şat gelen gamläk ola,
Tä haŷaty-panyŷam, synam seniň çyn çäk ola,
Syratym nisŷandadyr, istihanym häk ola,
Tä ölinçä ruzy-magşar, ahy-zarym galmaz-a.
Gerçe bu Magtymgulydyr maŷyly-nefsi-howa,
Hak örer sen bildigiň, çyn hajatym kylgyl rowa,
Hajatym senden rowa bolmaz ŷerde gep, muddaga,
Beŷle magtymdyr ki, hiç bir gamgusarym galmaz-a.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.