Görerge Safa Men, Tanyrga Dilkeş, – Magtymguly Pyragy

Görerge safa men, tanyrga dilkeş,
Diwana hem demim galamdar bile.
Çekdgim naladyr, ýüregim gamkeş,
Höregim ataşdyr Semender bile.
Jesedim hoşnema, jigerim birýan,
Ýüregim pürgamdyr, gözlerim girýan,
Tilim guş tilidir, suratym- ynsan,
Hemzybanym barça çemender bile.
Pelek kine çekmiş, eýýam ant etmiş,
Döwletim boýnuna gyl kement atmyş,
Ykbalym işigin bagtym bent etmiş,
Daşyn demir için külünder bile.
Hajatym ber, ýa hak, eýle tedbirim,
Maksadym şayna tokuna tirim,
Dermanda galyp men, eýle destirim,
Hyzyr ata, İsa pygamber bile.
Magtymguly aýdar, ýer ýüzün ýüzseñ,
Ahyry ölümdür dünýäni düzseñ,
Üç yüz elli alty ýyl älemi gezseñ,
Pilkus ogly şahy- İsgender bile.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.