Gördük Saýy Köňül Sowar, – Magtymguly Pyragy

Gördük saýy köňül sowar,
Sabyrsyz-kararsyz ärden;
Yssy beren köpek ýegdir,
Uýatsyz-ykrarsyz ärden.
Aýlandykça döwran, döwür,
Ykbalyň ýüz köýe öwür,
Dura-bara dosty sowyr,
Garyp galan barsyz ärden.
İt zerin minnetin çekmez,
Aňlamaza sözüm ýakmaz,
Köňül istän işiň çykmaz,
Nan ýagysy – kärsiz ärden.
Her göz säherde bidardyr,
Eýesinden uluş bardyr,
Hak, pygamber, halk bizardyr,
Sözi ygtybarsyz ärden.
Magtymguly magny saçar,
Her kim söz lezzetin içer,
Bara-bara köňül geçer,
Täsibi ýok, arsyz ärden.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.