Gömüldi Derýalar, Ýykyldy Daglar, – Magtymguly Pyragy

Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar,
Ýetimler gözýaşyn döke başlady.
Orramsydan bolan haramhor begler,
Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady.
Jemagatsyz azan bir gury sesdir,
Niçe mollaň okan ylmy hebesdir,
Kazylaryň käri çaý bile nasdyr,
Bir bozuk nyşana tuta başlady.
Işanlary her gapyda tapylar,
Mollalarna ýok myjabat ýapylar,
„Öwlüýä men“ diýip jögi sopular,
Gygyryp, asmana böke başlady.
Çykar beýabana gyzy, gelini,
Ak ýüzüne ýapar gara telini,
Kemçinlik eýleýip ýygan puluny
Düzedip özüne daka başlady.
Dünýäde süýthoryň pul ýygma derdi
Baýlaryň mallary bizekat erdi,
Toba ediň, gözüm bir ýaman gördi,
Bigünä, bir-birin ýaka başlady.
Magtymguly,başa baglap selleler,
Aç böri deý ýörtüp nije mollalar,
Halaldan, haramdan ýygnap gallalar,
Her ne tapsa, dynmaý dyka başlady.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.