Goç Ýigidiň Ady Çykmaz, – Magtymguly Pyragy

Goç ýigidiň ady çykmaz,
Döwleti-maly bolmasa,
Endişeli iş bitirmez,
Meýdanda däli bolmasa.
Bolmasa ýigdiň zürýady,
Ölende tutulmaz ady,
Tutaşmaz synanyň ody
Başda hyýaly bolmasa.
Almaz guşlar awa çapmaz,
Hunärsiz öz syrtyn ýapmaz,
Märekede orun tapmaz
Akly-kemaly bolmasa.
Gonmak täze ýurda ýagşy,
Haly düşek törde ýagşy,
Ol ýigitler görde ýagşy,
Başy gowgaly bolmasa.
Magtymguly, bolsa başly,
Uýalmaz gylyçly, aşly,
Duzy zor, duşmany güýçli,
Dosty wepaly bolmasa.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.