Giň Göwräni Gam Basypdyr Özünden, – Magtymguly Pyragy

Giň göwräni gam basypdyr özünden,
Baş hem gelse, ýyglap geçer halymaga.
Bagyr ýaşyn köňül döker gözünden,
Gaş hem gelse, ýyglap geçer halymga.
Garrylyga dönder ýigit çaglary,
Geda eýlär täç eýesi begleri,
Gurşun deý erider Kap dek daglary,
Daş hem gelse, ýyglap geçer halymga.
Puşmanda men eden-etmiş kerimden,
Biperwaýam bolan-bolmuş baryndan,
Hemra bolan ýata bilmez zarymdan,
Hyş hem gelse, ýyglap geçer halymaga.
Hak yşgydyr bizi goýan közlere,
Bu közlerdir kysmat bolan bizlere,
Bilbil tilsiz galar, barsam ýazlara,
Gyş hem gelse, ýyglap halymga
Aňlamaýan yşk derdiniň käninden,
Bu söz geçmez ýakynyndan-ýanyndan,
Yşka düşen umyt üzer janydan,
Leş hem gelse, ýyglap geçer halymga.
Pähim eýleýen Magtymguly sözüni,
Derde düşüp, ýaşa doldur gözüni,
Şat gülenler tuta bilmez özüni,
Hoş hem gelse, ýyglap geçer halymga.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.