Ger Tutsa Halymdan Habar, Gury Agaçdan Gan Çykar, – Magtymguly Pyragy

Ger tutsa halymdan habar, gury agaçdan gan çykar,
Ynsan şerarymdan eser tapsa, teniňden jan çykar.
Karun kylyp malyn eda, sed jan istär, bolsa pida,
Gün şemgydan bolup jyda, nurun goŷup, pynhan çykar.
Bir köşede bolsam mukym, köňle geltirsem kadry-sim,
Her köşeŷi-weŷranadan sed genji-bipaŷan çykar.
Köňlumge gelgen nagyşlar gözlerge peýda bolsa ger,
Goşulsalar köp nadanlar, kämil bolup, merdan çykar.
Hiç aňlamaý zir-u zeber, ger tapsa jezbämden eser
“Elipden”, “biden” bihabar her demde bir “Kuran” çykar
Jebr etdi Jemşit janyna, ki irdi magdan känine,
Yüz ýyl okap, paýanyna ne Zal-u, ne Lukman çykar.
Men hem Pyragy ol kadar, aklymny kyldym derbe-der,
Bir bihözir tapsa hözir, per baglaýyp, asman çykar.
Magtymguly, az eýle söz, barça galar dag-u deňiz,
Topraga dolsa uşbu göz, hakdan ene perman çykar
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.