Ger Emiriň, Ger Weziriň Akly Kuteh, Ham Olur, – Magtymguly Pyragy

Ger emiriň, ger weziriň akly kuteh, ham olur,
Ol emiriň ady ahyr halk era betnam olur.
Bir akyl-sahyp kemalyň goly birle iş tutan,
Işini daşdan alar, terpendikçe, kam olur.
Isteseň serişdesin sen bu jahanyň serbe-ser,
El açan, gahryn geçen, puşmanda, ol el bam olur,1
Gelleban arbaba dönüp, bolmuş arbaplar emir,
Şahlara ýokdur itagat, ili naferjam olur;
Diýiň salam Magtymgulydan bagy bolgan beglere,
Aý dolar, enjüm batar, ryswaýy has-u a:m olur.
*
1Bu setiriň „Il açan, gahryn geçen beýninden eýýam olur“ ýaly nusgasy hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.