Gelen Geçer, Gonan Göçer Adamzat, – Magtymguly Pyragy

Gelen geçer, gonan göçer adamzat,
Ýöri, sen hem bir menzile ýeter sen,
Ýalnçyda ýegdir galsa ýagşy at,
Bu dünýäge gelmiş bolsañ, ter sen.
Gapyl adam ýada salsa asylsyn,
Pelek goýmuş ajal atly masylyn,
Gelen-geçse, eken-bişse hasylyn,
Orta ýeerde sen ne iş tutar sen.
Jepa goýma käýitmegin bu janyñ,
Perişdesi hiç tutdurmaz jahanyñ,
Terpendikçe derdi artar dünýäniñ,
Gadam goýsañ, göwrañ birle batar sen.
Joşgun geldi, heddin ýardy söz açdy,
Bu ýollardan dogry bargan düz aşdy,
Bihuda imesdir ömrüñ güýzeşdi,
Bir çäşdiñe bir günüñi satar sen.
Duzak gurar al kumaşyñ, sim zeriñ,
Güzergähin tutup durmuş bu ýeriñ,
Gerim eýlediñ, pelek sen bu bazaryñ,
Maglumdyr ki, bu söwdada utar sen.
Magrup olup bu tört günüñ dirligine,
Ebed galma kyýamatyñ horluguna,
Ynanmagyl bu dünýäniñ barlygyna,
“Bar, bar” bilen, ýok bolar sen, ýiter sen.
Magtymguly başyñda ýüz köý bardyr,
Aýry menzil, aýry mekan ,jaý bardyr,
Lahat atly dar, düşeksiz öý bardyr,
Ol öý içre tä kyýamat ýatar sen.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.