Ýaradandan hiç ýaşyryn iş bolmaz.
Ryzk bir mukadderdir şah-u gedaga,
Galam birdir, munda ýazan biş bolmaz.
Bir niçeler ýortar gije ýatmaýyn,
Birew ýatyr, öýden jepa tartmaýyn,
Takdyry-ezelden hergiz artmaýyn
Gezgen artyk bolup, ýatan boş bolmaz.
Bir goç ýigit ýalan dünýäge gelse,
Gylyk,gylyç, çörek, desterhan bolsa,
Ýalançyda abraý hem iman bolsa,
Ýetmiş, segsen , ýüzden artyk ýaş bolmaz.
Kimseler döwletmend, kimseler garyp,
Kimseler haýr edip, zekatyn berip,
Kimseler ömründe nan diýip ýörip,
Kimselerde ýasssyk, düşek, aş bolmaz.
Magtymguly, bu günüňe şükr eýle,
Allanyň gudratyn görüp, pikr eýle,
Ryzk üçin gam iýme, haka zikr eýle,
Ezelde ýazylan senden daş bolmaz.