Gel, Köňlüm, Nesihat Berem, – Magtymguly Pyragy

Gel, köňlüm, nesihat berem,
Lamekana ýar olmagyl!
Her ýetene ýarym diýip,
Yzynda bizar olmagyl!
Geňeş bermegil deň-duşa,
Ahyr ölüm geler başa,
Bir biçäre – ýalňyz kişä,
Sütem eýläp zor olmagyl!
Dilegiň allaga etse,
Dergahynda kabul etse,
Öz günüň özüňden ötse,
Ýalançyda hor olmagyl!
Ýygyn meýdana düşende,
Namardyň akly çaşanda,
Ol ganyma ugraşanda,
Deň-duşundan bäri olmagyl!
Magtymguly, ýokdur ýalan,
Durman öter munda gelen,
Bir akylsyz Biweç bilen,
Deň-duş olup, jora olmagyl!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.