Gel, Köňlüm, Geňeş Edeli, – Magtymguly Pyragy

Gel, köňlüm, geňeş edeli,
Sözlemeýen paş bolmar sen!
Panydyr bu ýalan dünýä,
Bir gün andan hoş bolmar sen.
Bir gündir sen hem hoşlar sen,
Ýene bir gün agaçlar sen,
Hem daşlar sen, hem dişlär sen,
Ýene bizden daş bolmar sen.
Hakyň emridir, neter sen,
Sen bizim çün bir ketir sen,
Geleni garşy ýuwtur sen,
Bir dem bizden boş bolma sen.
Owwal dost bolup güldür sen,
Biraz yzyňdan ýeldir sen,
Bir gün basalap öldir sen,
Baky garyndaş bolmar sen.
Magtymguly bilmiş haly,
Sen bu ýurtda däl binaly,
Toba diýp, haka dönäli,
Imdiden soň ýaş bolmar sen.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.