Geç Köňül,dünýeden,eýleme Höwes, – Magtymguly Pyragy

Geç köňül,dünýeden,eýleme höwes,
Panydyr,hiç kime Paýany bolmaz!
Jan guşy bilbildir,teniň bir kapas,
Bir gün uçar,daýymdurany bolmaz.
Bir niçäni şalykbile şat edip,
“Şähriýar” diýip,älem içre at edip,
Ajalyň elindenbir gün dat edip,
Gitdiler barysy,ýöreni bile.
Ynsa-jynsa şalykeden Süleýman;
Jemşid-u Isgender,kany Nowşirwan?
Kany hak Habyby- ol fahry jahan?
Gitdi bary,hergiz gumany bolmaz.
Galmady Darabyň,ne Şähriýaryň,
Kany ol Gülçihre,simin uzaryň?
Kany şasuwaryň,zerrin hysaryň?
Hiç biriniň nam-u nyşana bolmaz.
Niçe mursal geçdi,niçe müň nebi,
Niçe baleg geçdi,niçe müň saby,
Hasyl olupher biriniňmatlaby,
Pany içre baky galany bolmaz.
Kimni gany kyldy,kimlerni gallaç,
Ýoksuzny baýlara eýledi mätäç,
Gelse ajal bady,bolar näalaç,
Gitgisidir,ýagşy-ýamany bolmaz.
Maly-dünýe berip niçe müň gany,
Lagl-u jowahyrdan bolup mesgeni,
Gitdi goýup kasry,köşki,eýwany,
Barganydan gaýdyp geleni bolmaz.
Dünýäge gelgeniň bary ýok bolar,
Galyp adam bilmezlikden aldanar,
Ýygnanyň barysy dünýäge galar,
Hiç bir adam alyp barany galmaz.
Kamaty serwi dek näzik bedendir,
Sibi-zenehdanly,gunça dahanlar,
Gül ýüzli periler,simin zekenler,
Älemde şat bolup güleni bolmaz.
Ýok wepasy,dostlar,pany dünýäniň,
Ölinçä terk etme haýry yhsanyň ,
Bargandan gelmäge yokdur imkanyň,
Ynan bu sözleriň ýalany bolmaz.
Akyl oldur,meýl etmese dünýäge,
Sydk eýle sygynsa,Kadyr Allaga,
Magtymguly,bir suraty zybaga,
Bakmagyl,olarnyň naýany bolmaz.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.