Gaýgy –gamda Eziz Ömrüm Solduryp, – Magtymguly Pyragy

Gaýgy –gamda eziz ömrüm solduryp,
Şum pelek azabym reýgan eýledi,
Ýazan kitaplarym sile aldyryp,
Gözlerim yzynda girýän eýledi.
Gapyllykda duşman aldy daşymyz,
Dargatdy her ýana deňi-duşumyz,
Bäş ýylda bir kitap eden işimiz
Gyzylbaşlar alyp, weýran eýledi.
Bir niçämiz goly bagly gül bolup,
Niçeler yzynda sargaryp, solup,
Kimi berip, anyň bahasyn alyp,
Her kime bir belli baha eýledi.
Şum pelek birehim, maňa bildirdi,
Aglamakdan gül ýüzlerim soldurdy,
Golýazma kitabym sile aldyrdy,
Duşmanymy jeýhun derýa eýledi.
Niçeler dünýäde boldy bir kişi,
Niçäniň agzyny doldurmaz aşy,
Niçäniň matamdan gutulmaz başy,
Gije-gündiz waweýleta eýledi.
Köýdürer şum pelek zülmi-jepasy,
Ýalanlar, ynanmaň, ähdi-wepasy,
Magtumguly, ýok kaddym duta eýledi.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.