Garynlaryny Doýurmak Üçin Sopularyn Öz Ýoldaslarynyn Esegini Satyslary Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

GARYNLARYNY DOÝURMAK ÜÇIN SOPULARYN ÖZ ÝOLDASLARYNYN ESEGINI SATYSLARY HAKYNDA HEKAÝAT

Sen bu hekaýaty sakla gursakda,
Ol köre-körlügin zyýany hakda.
Bir dili senaly Hudaýhon sopy
Düsledi bir jaýda ýol ugrundaky.
Bu ýerde on köne tansy ýasardy,
Onam bir hor düsen esegi bardy.
Esek öläýmesin – diýip – ajyndan,
Ugruna seredip baslady çyndan.
Garaz, hor esegin idegi etdi,
Ol gün-günden semräp, özüni tutdy.
Jaýy, maly goýup hyzmatkärine,
Sopy rowana boldy ýoluna,
Alnynda niçiksi täleýin baryn
Ýamanam däl owalyndan anmanyn.
So golaýda it deý aç, hor derwüsler
Birnäçe gün bäri ýasap ýörmüsler.
Bilýäris biz – erbet açlyk-horlugyn
Adamy her zada iterýänligin.
Baý adamyn bolsy özüne mälim,
Anmaz garyp-gasarlaryn ahwalyn.
Ana, sol derwüsler maslahat kylyp,
Özgän esegini satmakçy bolup,
Öz aralarynda dil düwüsdiler,
Seýdibem, sum ise basyn gosdular.
Ol esegi satyp, köp zat aldylar,
Iýer ýaly azyk-owkat aldylar.
Öz merhum tansyny ýat eden sopy,
Onun esegini ideden sopy
Beýlekilen arasyna gosulup,
Gezip ýördi olan biri dek bolup,
Aç derwüsler indi düýpden basgady,
Ýerli-ýerden sowhun turzup baslady.
«Disimizin kirin sorup ençe gün,
Ýetdik biz hetdine öljek-öljegin.
O bela-ha basymyzdan sowuldy,
Bol iýip-içmänin pursaty geldi.
Tanry dözmez öz ýaradan zadyna,
Alkys baryn aýdýas onun adyna.»
Iýip-içip, keýpden çykdy derwüsler,
Ol sopa-da gülüp bakdy derwüsler.
Hödür edip ona hormatly orun,
Berdiler iýmitlen tagamly ýerin.
Gerk-gäbe doýup iýer-içerden,
Olar tans etmäge baslady birden.
Keýpi kök derwüslen sanny sesinden,
Aýaklarnyn batly tapyrdysyndan
Haýran edip esideni, göreni,
Tozan gaplap aldy das-töweregi,
Ýasansonlar ömür gedaý durmasda,
Öý-öwzarsyz hem elesan görnüsde,
Käbir derwüslerin garny doýsa, bes,
Sondan basda zady eýlemez höwes.
Bakman öz gözgyny ýagdaý-halyna,
Ýürek bilen uýup Hakyn ýoluna,
Seýtanyn mekrine-alyna gitmän,
Dürs ýoldan sowulman ýörenler köp däl.
Köp derwüsler saýlasa-da bu ýoly,
Kalplary her hili sumlukdan doly.
Gizlin däl doklugyn onat zatdygy,
Köpe çekdi derwüslerin satlygy.
Dep kakyp, ýer depip, serden geçdiler,
«Esek ýitdi!» diýip, gygyrysdylar.
Bu sagal meslignin saýady bolan –
Bizin sopumyzam içinde olan.
Kem galar ýaly däl hiç birisinden,
«Esek ýitdi, esek ýitdi!» sesinden
Jaýyn içi dursy bilen zenzele,
Olam den gygyrýar derwüsler bile.
Seýdip, gije geçdi, jahan ýagtyldy,
Indi ýola düsmek pursaty geldi.
Bizin sopumyzy goýup haýrana,
Dargady derwüslen hersi bir ýana.
Olam ugramagyn pikirni edip,
Baslady dessine ýol saýyn tutup.
Ol köne tansynyn öýüne gelip,
Goslarny esege ýüklärmen bolup,
Barsa, esek nire? Ýatagy bosdy,
Birden on kalbyna gulgula düsdi.
So barmana hyzmatkäre satasyp,
«Esek hany»? diýdi ol dowla düsüp.
«Näme, mana ýapjak bolýanmy günä?
Dostlan bilen satyp iýen özün-ä.
«Oýun etmän, dogrujany diý hany,
Men sana tabsyryp gitdim-ä ony.
Bolan isi kaza düsündirersin,
Ol senin mynasyp jezany bersin.
El gatanyn üçin kisin malyna,
Ýör, häzir gideli kazyn ýanyna!
«Men-ä däl, sol aç derwüslen önünde
Durup bilmejegin belli senin-de.
Azapsyz iýmitin bolup ýesiri,
Boldun-a özünem solaryn biri…
«Onda näme, men ýanyma gelmedin?
Esegin ýitenni habar bermedin?
Habarny bada-bat kaza ýetirip,
Haklasardym olan jezasyn berip.
Her haýsy bir ýana darganson olan,
Bos somalyp galmak nähili bolar?
«Synladym men sizin hemmejänizi,
Dinledim men sizin zenzelänizi.
Solan arasynda özünem bardyn,
«Esek ýitdi!» diýip, baý, gygyrýardyn.
Olan arasynda ýörenson beýdip,
Ynandym men özün satansyn öýdüp.
Özün ýaly akly jöwher kisiler
Eýle-beýle zady soraman, biler.»
Sopy diýdi: «Seýtan aldy akylmy,
Bu bolan ýagdaýa özüm dahylly.
Gözlerim baglanyp, bulasyp serim,
Arman, bos sowhuna aldanypdyryn.
Bähbit üçin Allany-da unutýan,
Wyždanyny, aryn-namysyn satýan
Bir kowçum arwahyn gidip alyna,
Men ikilik etdim dogry ýoluma.
Tanry berdi samsyklygmyn jezasyn.
Kör bir gezek aldyrarmys hasasyn.
Almytymy aldym terse öýkünip,
Sakgal ezenok-da sonky tüýkülik!»

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.