Garrydykça, Goldan Gitdi Ynsabym, – Magtymguly Pyragy

Garrydykça, goldan gitdi ynsabym,
Eýa, dostlar, ellä ýetişdi salym.
Kerim- a,gün-günden kem boldy howpum,
Dembe-demden artdy bu ýaman pälim.
Daryga,din üçin ýokdur bir işim,
Ömrüm edalandy, agardy rişim,
Kuwwatym kemeldi,küteldi dişim,
Ýigitlik öwşünde heniz hyýalym.
Köňül dünýä zerin yzlap durupdyr,
Göz gözelleri gözläp durupdyr,
Til hem gybat, ýalan sözläp durupdyr,
Şeýtan bir käpirdir, nebis hem zalym.
Senden medet ýetişmese, ýa jebpar,
Bu beladan baş gutarmak haçan bar?
Howaýy höwesde boldum giriftar,
Hak gullugyna ýokdur zerre mejalym.
Dostlar, ygtybarym ýokdur ömürge,
Bagtymyň syýasy peň biýr kömürge,
Talygym Güneşi galmyş ümürge,
Eýäm, sen oýandyr ýumuş ykbalym.
Hudabend-a, gerçe nebsim ýamandyr,
Dilegim dergahdan nury-imandyr,
Şer işim biheddir, günähim kändir,
Sen özüň geçirgil, ýa, züljelalym.
Magtymguly, yşk oduna bürýanam,
Il malyna, men halyma girýänem,
Gorky,umyt ortasynda haýranam,
Taňla-magşar,ýa,reb,ne ola halym?
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.