Gara Ganlar Ýuwtup, Hasratlar Çekip, – Magtymguly Pyragy

Gara ganlar ýuwtup, hasratlar çekip,
Mala meşgul bola-bola gider sen.
Dodagyň tebredip, ýüregiň ýakyp,
Gümanyň bar, alyp, bile gider sen.
Munça jepa ogul, gyz-u zen üçin,
Munça aşret häk olajak ten üçin,
Gitmez garamaty iki gün üçin,
Neçün boýna ala-ala gider sen.
Magrur olma senjabyňa, samryňa,
Ajal Dawut elin çekmiş demriňe.
Gylça jana bu bäş günlük ömrüňe,
Ne tetärik kyla-kyla gider sen.
Malyny küýseme berimsiz baýyň,
Il gezdikçe, gözi doýmaz gedaýyň,
Mümün bolsaň, kyl gullugyn hudaýyň,
Bäş wagt ýada sala-sala gider sen.
Magtymguly, habar bergin näderiň,
Her ýan barsaň, ajal imiş güzeriň,
Ýashana diýp, ýyglap geçdi pederiň,
Senmi mundan güle-güle gider sen?
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.