Gara Daşdan Gara Gyly Saýlan Göz, – Magtymguly Pyragy

Gara daşdan gara gyly saýlan göz,
Çöññeler görejiñ, göze myhmandyr,
Gelen aş diýip gelmez, turşutmagyl ýüz,
Nana mätäç däldir, söze myhmandyr.
Agyrdyr heññamlar, uzakdyr ýollar,
Soraşsa ýigitler, sözleşse tiller,
Baharda açylan reñbe-reñ güller,
Bir pasyl açylar-ýaza myhmandyr.,
Ne azym hünärler, nesyrly işler,
Ne howaly baglar, belent agaçlar,
Altmyş elwan, ýetmiş dürli iýmişler,
Agaçdan aýrylar, güýze myhmandyr.
Ýigidiñ bolmasa ýaragy, aty,
Şony belli biliñ, ýokdur gaýraty,
Gojaldykça, gider süññüñ kuwwaty,
Ýigitligiñ zory dyza myhmandyr.
Bu dünýäde ýüzüne gülüm-gülümdir,
Pişesi jepadyr, jebr-i zulumdyr,
Her niçe yaşasañ, ahyr ölümdir,
Eziz janlar tende bize myhmandyr.
Haky ýada salsañ, hakdan gorkyña,
Şeýtan ara düşer, goýmaz erkiñe,
Guba juwan, guwanmagyl görküñe,
Gojalar sen, görküñ ýüze myhmandyr.
Magtymguly, öwüt bardyr sözünde1,
Ölüm ýadymdadyr, gorky gözümde,
Her niçe ýaşasañ ýeriñ ýüzünde,
Adam ogly bäş gün dyza myhmandyr.
*
1”Madtymguly aýdar, iller, özüm-de” diýen nusga hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.