Gapyl Adam,gar Agzynda Ýatyp Sen – Magtymguly Pyragy

Gapyl adam,gar agzynda ýatyp sen
Ötdi ömrüň uşak-düşek kär bile.
Dünýä mardyr,ýastynyban ýatyp sen,
Ynjylarmy bile ýatan mar bile?!
Iman gazan,ynsabyňny ýuwtmagyl,
Göre-göre,özüň oda atmagyl,
Munda bidar geçewergil,ýatmagyl,
Munça dözüp ýatajyksyň gör bile.
Her ýan gitseň baran ýeriň gör bolar,
Haýyr gazan,ýatan ýeriň nur bolar,
Ýagşy bolsaň,jaýyň jennet-hüýr bolar,
Ýaman bolsaň,köýdürerler nar bile!
Gözüň ýumduň,senden aýrylar malyň,
Ölensoň tirikler ne biler halyň,
Ýagşy-ýaman,herne eden agmalyň,
Garşyň alyp durar mydam bar bile.
Asly käfir musulmana gatyşmaz,
Çyn musulman haram işe tutuşmaz,
Menzil kesmez,her bir ýana ýetişmez,
Başçy tutup, ýola giren kör bile.
Ömrüňe aldanma,ötgenňe ýanma,
Malyňa guwanma, mülke daýanma,
Munda bet işleme,anda uýanma,
Hasap güni haýryň alyp bar bile.
Magtymguly,dogry söze ten bergil,
Sowap mundan ötmez,tapsaň,nan bergil,
Köňlüň tapan dost ýolunda jan bergil,
Işiň nedir seni diýmez ýarbile.
*
1.“Gapyl adam,gam astynda ýatyp sen“ diýen warianty hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.