Gam Dumany Basyp Garyp Köňlümni, – Magtymguly Pyragy

Gam dumany basyp garyp köňlümni,
Gözde ýaşyn sylmaý, döküp baradyr,
Kimdir rehim eýleýen, sorup halymny,
Bozuk köňlüm görkün ýykyp baradyr.
Gerçe ot ýaksalar yşyk ýagyndan,
Ölüm asan erer dost pyragyndan,
Hijran meni kowdy sabyr bagyndan1,
Pyrak bogun-bogun söküp baradyr.
Ol döwri-döwranym çarh bulaşdyrdy,
Gam janym guratdy, ot tutaşdyrdy,
Yşk meni ýandyrdy, hetden aşdyrdy,
Ýüregim içimden çykyp baradyr.
Parahat ýatyrdym nebsimni besläp,
Turdy köňlüm ýar jemalyn höwesläp,
Hakdan hajat diläp, myradyn isläp,
Gözüm ol ýollara bakyp baradyr.
Magtymguly, mejalym ýok, söýläýin2,
Dostlarga derdimni aýan eýläýin,
Eý, ýaranlar, ýyglamaýyn neýläýin,
Yşk meni ýandyryp, ýakyp baradyr!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.