Gam Çekme, Garyp Adam, – Magtymguly Pyragy

Gam çekme, garyp adam,
Begler-şalar galmazlar!
Azym- Azym şäherler,
Ak otaglar galmazlar.
Galsa sözden gyzyl til,
Jan jöwherdir, ten bir kül,
Hezar mukamly bilbil,
Beýik daglar galmazlar.
Şuny kesipdir aklym,
Ýykylar ýedi yklym,
Ýer bolar büklüm- büklüm,
Erir daglar galmazlar.
Hakdan etişse perman,
Ne çäre bar, ne derman,
Asman, gün-u Aý lerzan,
Hem ýyldyzlar galmazlar.
Ne ýer galar, ne ýurtlar,
Ne türk galar, ne kürtler,
Ne guş galar, ne gurtlar,
Perrendeler galmzlar.
Ne gerd galar, ne gerdan,
Ne mert galar, ne merdan,
Pil, neşe-ýu kergeden,
Derrendeler galmazlar.
Magtymguly, ýaş süren,
Agyp heññamlar guran,
Lemmer-lemmer möwç uran,
Şol derýalar galmazlar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.