Galam Alyp, Namany Gönderdigim Bilmezmiň – Magtymguly Pyragy

Galam alyp, namany gönderdigim bilmezmiň
Efsun urup, hüthütni inderdigim bilmezmiň?
Arş üstüne galdyryp, mündürdigim bilmezmiň?
Tört gije, üç gün aglap, dyndyrdygym bilmezmiň?
Eşek münüp Isa dek, ýeldirdigim bilmezmiň?
Mejnun kibi sährada ýyglaý-ýyglaý gezdigim,
Gözüm ýaşyn merjen deý düzüm-düzüm düzdügim ,
Warka kimin Gulşadan ölüp, umyt üzdügim,
Joşgun berip yşk ody, gaýnap-gaýnap gyzdygym,
Şibli kimin bir dagy ýandyrdygym bilmezmiň?
Hüthüt kimin Pereňden Çyn-Maçyna bardygym,
Bag içinde Bulkysyň saçyn açyp gördügim,
Süleýmanyň tagtyndan sözläp habar berdigim,
Guş gonsun diýp başymga bilbil heňin gurdugym,
Çarşenbe gün çäş wagty gondurdygym bilmezmiň?
Surahnyň1 arkasynda Mejnun gurdy jadyny,
„Bismilla“ diýp çagyrdy, tapmady ustadyny2.
Hakdan gaýry bir kimse eşitmedi dadyny,
Kyrk aşyk nagra çekip, şugla urdy oduny,
Gözýaşymdan suw alyp, söndürdigim bilmezmiň?
Şirwan hanyň söwdasy ne ajaýyp söwdadyr,
Gyldan bu ýan agdyrsa, kyýamat gün ryswadyr,
Ýüz ýigrimi sap gurlup, her sapda bir gowgadyr,
Aşyklyk bir joşgundyr, akmaz daşgyn derýadyr,
Bir jurgadan kyrk aşyk gandyrdygym bilmezmiň?
Ýetilmemiş şunkarym, gamyş ganat ak türpek,
Dünýä meni taýdyrdy, bir ýanym etdi urpak,
Janan jiger dilibän, tartar, gaý goýmaz torpak,
Her tikenden ýüz gaffy, her kyrk gülden bir ýarpak,
Dagy-daşy aýlanyp, öndürdigim bilmezmiň?
Magtymguly, sözleýir, dokuz pelek Zöhresi,
Ýedi ýyldyz gardaşy, Aýyň, Günüň parasy,
Nury-didäm ýagtysy, gözüm agy-garasy,
Aby-Zemzem çeşmesi, Safa, Merwe arasy,
Süleýman dek ähdimni syndyrdygym bilmezmiň?
*
1“Surhylyň“ diýen nusgasy hem bar.
2 „Bismilla“ diýp başlady, çagyrdy ustadyny“ diýen nusgasy hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.