Gaflat Ýassygynda Goýupdyr Başy, – Magtymguly Pyragy

Gaflat ýassygynda goýupdyr başy,
Gapyl adam munça irnip durupdyr.
Ten kapasy içre wagşy jan guşy,
Her dem perwaz eýläp, urnup durupdyr.
Ömrüñ ötdi-gitdi kylmadyñ perwa,
Menziliñ mesjid kyl, düşegiñ borýa,
Kylganyñ küfürdir, etgeniñ yrýa,1
Anda kaza ýaýy gurlup durupdyr.
Ýagşylardan bir nesihat alawer,
Gitdi kerwen, ýeke galdyñ, elewer,
Adam ogly, zynhar, häzir bolawer,
Nebsi-şeýtan saña sürnüp durupdyr.
Elwan tagam iýip, al-ýaşyl geýip,
Parahat ýatyr sen, gorkyñy goýup,
Ajal şiri arlap, penjesin ýaýyp,
Başyñ üçin alyp, gernip durupdyr.
Oýan, Magtymguly, gaflatda ýatma,
Mala magrur olup, mähnete batma,
Öter dünýä üçin özüñi satma,
Bu nogsanyñ düýbi görnüp durupdyr.2
*
1 “Güzeriň köprüdür, ötgeniň derýa” barianty hem bar.
2 “Magtymguly, ermiş, bu dünýä pany,
Panyny goý, ahyret diýp ber jany,
Ömrüň berip, satyn alma dünýäni.
Bu dünýäniň düýbi görnüp duruldyr” diýen bent hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.