Eý,ýaranlar,ömrümden, – Magtymguly Pyragy

Eý,ýaranlar,ömrümden,
Geçdi diýip aglaryn.
Gitdi aklym ornundan,
Çaşdy diýip aglaryn.
Giden gelmez ýolundan,
Dönmez ýaman pälinden,
Diýanat halk elinden
Uçdy diýip aglaryn.
Häzir biziň zamanda
Ýaman sözler zybanda,
Zulum işler jahanda
Joşdy diýip aglaryn.
Bu eýýamda betkärler,
Ýüz til bile aldarlar
Kany niçe dildarlar
Geçdi diýip aglaryn.
Niçe sada deň-duşlar
Şeýtan biligin başlar,
Ýüz dönderip gardaşlar,
Gaçdy diýip aglaryn!
Görüň pelegiň oýnun,
Üzer älemiň boýnun,
Ne jenanlar ýer goýnun
Guçdy diýip aglaryn.
Magtymguly diýr merde,
Dünýä bentdir, ten perde,
Bir başym sansyz derde
Düşdi diýip aglaryn.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.