Eý,ýaranlar,haram Işe Ulaşmaz, – Magtymguly Pyragy

Eý,ýaranlar,haram işe ulaşmaz,
Eger dürüst bolsa päli bendäniň,
Harama ulaşmaz,pise bulaşmaz,
Haka dogry bolsa ýoly bendäniň.
Täze ömrüň solar ajal badyndan,
Ahyr nogsan geler dünýä,sudundan,
Boýny azat bolar tamug odundan,
Haky aýat eýlese tili bendäniň.
Gabryňa salmazlar dünýä malyndan,
Ýüzi gara,jowap gelmez tilinden,
Kyýamat gün şikwe eder elinden,
Zekatsyz ýygylan maly bendäniň.
Nebs hyýalda,köňül dünýä küýünde,
Ýol yrakdyr,ýük agyrdyr boýunda,
Aýagy talapda,eli oýunda,
Ajal agzyndadyr bili bendäniň.
Magtymguly her kim işin sap etmez,
Maglumdyr ki,ahyrýetden howp etmez,
Ajyz teni otly gürzä tap etmez,
Ýa,reb,niçik bolgaý haly bendäniň.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.