Eýesine Yhlas Eden Çyn Merdan, – Magtymguly Pyragy

Eýesine yhlas eden çyn merdan,
Ebrişüm höwesin etmez şal tapsa,
Dünýä maly, işi üçin sergerdan
Köňül guwanç eder artyk mal tapsa.1
Ýol ýoldaşy ýoldaşyna söýener,
Howply ýerde ýatan tiz-tiz oýanar,
Garakçylar kerwen görse guwanar,
Kişti tapmaýanlar suwda sal tapsa.
Geçirler her ýerde sözüm takyga,
Garry arman çeker ýigit çakyga,
Eşek monjugna biýr ýa-da akyga,
Biçäre çopanlar ýakut-lagl tapsa.
Jan howpundan bolar akyly haýran,
Ýylan kişmir görse, ütelgi-taýran,
Şir syýaguş görse, pil hem kergerdan,
Agaja gurt düşse, gawun hal tapsa.
Mertden dileg eden namut öwrülmez,
Namarda düşen iş, mälim, gaýrylmaz,
Perwana ot görse, jan biýr, aýrylmaz,
Simap gyzyl tapsa, mesge bal tapsa.
Eý, terbiýet istän, kişi, ten üçin,
Aşret tilän ogul-gyz-u zen üçin,
Ak puly saklarlar gara gün üçin,
Hoş gezerler gyzyl, ýaşyl, al tapsa.
Magtymguly,ýüz müň köýler, köçeler,
Aýdadyrlar: „Döwran bizden geçeler“,
Hak, nähakdan mal gazanyp niçeler,
Sarp ederge jaýyn tapmaz mal tapsa.
*
1“Köňül güýmenç eder aryk fal tapsa“ ýa-da „Köňül güýmenç eder artyk mal tapsa“ ýaly görnüşleri hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.