Eý,agalar,aglar Men,geldi,geçdi Zamana, – Magtymguly Pyragy

Eý,agalar,aglar men,geldi,geçdi zamana,
Ýagşy gadry bilinmeý,döndi döwür ýamana,
Ýaman aldy jahany,dönmez tili imana,
Köp pakyrlar aglaşyp,geler andan amana,
Istäri bar az wagtdan derhem bola zamana.
Ne sapaly günmüşdik,deň-duş bile baş goşman,
Başyň gara bilmediň,ne dost bildiň,ne duşman,
Eý,ýaranlar,sud etmez imdi etseň müň puşman,
Dünýäsine dolaşman,ogul-gyza bulaşman,
Ne hözirli günmüşdik bolup gitsek diwana.
Düşmegin ham hyýala-dünýä gelen ölmezler,
Gelen geçer dünýäden,biri aman galmazlar,
Janlar çekip çagyrsaň,dogry ýola gelmezler,
Herne bolsa ýuwtarlar,halal,haram bilmezler,
Diýrler:Hakdyr Muhammet uýupdyrmyz“Kurana“.
Döwran,niçik döwran sen,garyp aglar,il dynmaz,
Zulmy artar zalymyň,hiç köňlüne rehm inmez,
Jahany ýakdy gitdi,ýamanyň ody sönmez,
Bir Muhammet hatyrna ýer ýarylmaz,gök inmez,
Çarh guwanar bu işe,bolmaz ahyrzamana.
Gapyl galdym,ýaranlar,öz-özümden riştim ýok,
Hakdan gaýry hiç ýerde penahym ýok,puştum ýok,
Pikir bahyrna girdim,ýelkenim ýok,kiştim ýok,
Magtymguly,men mundan çykar ýaňlyg deştim ýok,
Elim bersem,tutan ýok,düşdim düýpsiz ummana.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.