Eýä, Dostlap, Pelek Jebri – Magtymguly Pyragy

Eýä, dostlap, pelek jebri
Başymny mubtela kyldy.
Aýyrdy söber balamdan,
Ýüregimni ýara kyldy.
Ötdi hoşwagt-horram wagtym,
Bozyldy tylladan tagtym,
Ýaňy biten bir daragtym
Hazan bady pena kyldy.
Şum ajala bolmaz çere,
Jebrinden galdym bu zara
Ýüregime saldy ýara,
Garyp jismim eda kyldy.
Indi bir dem kararym ýok,
Bu menzilde durarym ýok,
Bu sözden habarym ýok.
Habarsyz binowa kyldy.
Ýanyp perwana dek her dem,
Ýüregim dolduryp ýüz gam,
Kaddym ham, gözlerim purnem.
Bu janymga jepa kyldy.
Gamyndan örtenip suzan,
Geçer men nala-ýu efgan
Pyrakynda gözüm girýän,
Neteý, neýleý, geda kyldy.
Magtymguly kyldym perýat,
Meniň ahwalyma heýhat!
Pelekniň elinden müň dat,
Meniň bagtym gara kyldy.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.