Eý Ýaranlar, Ýowuz Destan Bitildi, – Magtymguly Pyragy

Eý ýaranlar, ýowuz destan bitildi,
Bir goçak panydan geçdi diýdiler.
Ahyrzaman boldy, Aftap tutuldy,
Aý-Günüň şuglasy ýaşdy diýdiler.
Nägehan ugrady aýralyk dagy,
Seýdim Tarhan çeker derdi-pyragy,
Ömrüniň hasyly ýalyňsyz çyragy,
Bady-hazan urup, öçdi diýdiler.
Gitdi Öwezgeldi, ýene çoh zatlar,
Bozuldy söhbetler, gam boldy şatlar,
Gardaşlar, syrdaşlar, ýakynlar, ýatlar,
Gara geýip, gan ýyglaşdy diýdiler.
Bedew atly, berk kemerli, ýaragly,
Döwleti, zynaty malyna bagly,
Myhmanly bir ärdir, zatly, otagly,
Bir belent ordasy çaşdy diýdiler.
Ýekelik hesreti başdan ötermiş,
Ogulsyzlyk barça işden betermiş,
Zürýatsyz ýigidiň orny ýitermiş,
Ýurdy ýok, kerweni göçdi diýdiler.
Magtymguly, Türküstanyň töresi,
Bir goçakdyr – söýünhanyň seresi,
Ýygyn görki, ýow gününiň öresi ,
Uşbu gara ýeri guçdy diýdiler.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.