Eý, Ýaranlar, Ýagşy Ýaryň, – Magtymguly Pyragy

Eý, ýaranlar, ýagşy ýaryň,
Goýny jennet, güle meňzär,
Sözlese, dürler saçylar,
Dilleri bilbile meňzär.
Yşk ody ýandyrdy bizi,
Soramaňlar menden sözi,
Ýaryň eýgi gyzyl ýüzi
Göýä Aýa-Güne meňzär.
Näler çekdim derdi-pyrak,
Ýeteý diýsem, ýolum yrak,
Galam gaşly, badam gabak,
Saçlary sünbüle meňzär.
Zülplerine urup şana,
Meni ol kyldy diwana,
Göýä ol-şem, men-perwana,
Ýandym, tenim külä meňzär
Köýen ýok dünýäde mençe,
Didar görmek ýok doýunça,
Dişleri dür, agzy gunça,
Bili inçe – gyla meňzär.
Gözi nerkes, boýy şemşat,
Kirpikleri misli polat,
Peri-peýker serwi azat,
Dessedesse güle meňzär.
Göwsünde bar goşa nary,
Ak ýüzünde jüre haly,
Leblerinden akan baly,
Şähd ile şekere meňzär.
Özüne köpdür binasy,
Geýip reňbe-reň lybasy,
Eline goýan hynasy
Göýä gyzyl huna meňzär.
Magtymguly, bolduň harap,
Istäp tapman ýary sorap,
Oturyşyň ýola garap,
Ýol tapmadyk köre meňzär.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.