Eỳ, Ỳaranlar-Musulmanlar, – Magtymguly Pyragy

Eỳ, ỳaranlar-musulmanlar,
Däli könül hoş olmasyn!
Bir ỳagşy ỳigide, janlar,
Ỳaman hatyn duş olmasyn!
Her kim alsa hakdan rahmet,
Gider gaỳgy, galmaz mähmet,
Eregin bolsa, durmaz döwlet,
Hiç ülke bibaş olmasyn!
Taňry dest bersin yslama,
Täsip ädip at beslene,
Haram iỳip, şer islene
Uzak ömür – ỳaş olmasyn!
Her kimiň öz synasynda,
Akly görner beỳnisinde,
İki dostuň arasynda
Ỳaman-ỳowuz iş olmasyn!
Her kişiniň öz zurỳady,-
Jan hoşy – könül kuwwaty,
Artsyn jomardyň döwleti,
Muhannesde aş olmasyn!
Bir yşk düşse adam serne,
Uky gaçar, könül urna,
İki söỳgüli bir-birne
Ỳakyn olsun, daş olmasyn!
Sözüm aỳdylsa her çaklar,
Akyly bolan gerçekden,
Bir iş düşende goçaklar
İş görmedik ỳaş olmasyn!
İş içinde özün öwer,
Til dumany başdan agar,
Ỳigide1 nogsany deger,
Namartlar ỳoldaş olmasyn!
Sözle, heỳ, aşygym, sözle,
Gel, kyỳamat işin gözle,
Magtymguly, syryň gizle,
Her namarda paş olmasyn!
*
1Ỳagyda- diỳen görnüşde-de bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.