Eỳ, Ỳaranlar, Maly Dünỳe Maỳasy, – Magtymguly Pyragy

Eỳ, ỳaranlar, maly dünỳe maỳasy,
Görünmekdir bir-birine bezenip,
Ýigide näz, gyz kereşme eỳesi,
Päliwanlar meỳdan gözlär düzenip.
Ajal goỳmuş ok kezini kirişe,
Bilip bolmaz, newagt jana ỳerişe,
Ne durup sen aga-ỳana ỳörişe,
Ömrüň ugur alyp gitmez uzanyp.
Dünỳä daşyň demir duzak torlaỳyp,
Ajal şiri yňrap ỳatyr gürleỳip,
Sen parahat uỳkusynda horlaỳyp,
Kaza gylyç çekip durmuş gezenip.
Uỳalmadyň hakdan, agardy rişiň,
Gybatdan til dönmez, haramdan-dişiň,
Penada görewer bakylyk işiň,
Gapyl adam, galyp ỳatma agzanyp.
Hamu kimse görer hasaply demi,
Takdyry-ajalyň tapylmaz emi,
Magtymguly, galmaz egsigi-kemi,
Her kim bara bilse iman gazanyp.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.