Eý, Ýaranlar Bir Ýüzi Gül, Aýa Aşyk Bolmuşam, – Magtymguly Pyragy

Eý, ýaranlar bir ýüzi gül, Aýa aşyk bolmuşam,
Barçalar maksudy-gül ragnaýa aşyk bolmuşam,
Bilbilem, bag içre bir gowgaýa aşyk bolmuşam,
Özi gaýyp, zülpleri ýeldaýa aşyk bolmuşam,
Menzilim dag içredir, sähraýa aşyk bolmuşam.
Çün pelek saldy meni ol gün pena topragyna,
Düşdi seýrim daýyma Mekke, Medine dagyna,
Bilbil oldum, saýradym, girdim Eremniň bagyna,
Paýy-bent oldum o gün gam ähliniň duzagyna
Ýüz bela-mähnetli bir söwdaýa aşyk bolmuşam.
Köňlüm içre ýar gamydyr, menzilim sährada, heý,
Puşeşim gam-gussadyr, men dönmüşem Perhada, heý,
Saldy yşkyň, dilber-a, jan-u jigerim oda, heý,
Wadaryg-a, geçdi ömrüm zaýa, berdim bada, heý,
Ahy çoh, efgany çoh, bir köýe aşyk bolmuşam.
Bilmenem, ol ne bahrdyr, ne muazzem dagydyr,
Aldy köňlüm, gitdi aklym, ten mydam nä çagydyr,
Any nisbet etmek olmaz, gumry, bilbil, zagydyr,
Aý, garaz, her zülpüne etmiş müň är tussagydyr,
Kaddy-kamaty belent, zybaýa aşyk bolmuşam.
Dost, howaýy waslyňy men şunça çyndan isterem,
Damy-zülpüň kaýdyna özümni zyndan isterem,
Diýme:“Gamdan bir zaman köňlümni handan isterem“,
Bir garyp aşyk menem, ýar, seni senden isterem,
Gije-ýu gündiz, biliň, huw-haýa aşyk bolmuşam.
Wasly-ýarymdan digerge intizarym ýok meniň,
Galmyşam haýran olup, gaýry mydarym ýok meniň,
Aldy janym yşkyň ody, ygtyýarym ýok meniň,
Gelse, aklym dagydar, gitse, kararym ýok meniň,
Gamzasy ok, gaşlary ol ýaýa aşyk bolmuşam.
Aýdadyr Magtymguly, men anda käne ugradym,
Seýr edip, bardym pelege, lamekana ugradym,
Çün meni ryswa kylanyuşky-ýegana ugradym.
Etmiş iki şähr içinde müň bir dükana ugradym,
Şunça sergerdan-sepilu raýa1 aşyk bolmuşam.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.