Eý, Ýaranlar Bilmek Olmaz, – Magtymguly Pyragy

Eý, ýaranlar bilmek olmaz,
Ne iş geler başymyza,
Görüñ bu gahba pelegi,
Awy goşar aşymyza.
Ajal geler, agzyn açar,
İnçe bili zemin guçar,
Gülüp gelen aglap geçer,
Rehm etmez göz ýaşymyza.
Pelek bize egri bakyp,
El uzadyp, efsun okyp,
Orta ýerde däne döküp,
Tor gurupdyr daşymyza.
Magtymguly, barsañ mundan,
Haýyr-şer sorarlar senden,
Şirin jan aýrylsa tenden,
Gum guwanar läşimize.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.