Eý, Ýaranlar, Adamzat, – Magtymguly Pyragy

Eý, ýaranlar, adamzat,
Magny bilmez ýaşynda,
Bigam bolar dünýeden,
Törtünde ýa bäşinde.
Bäşinde begdir, bilmez,
Dünýäni göze almaz,
Zerre gaýgysy bolmaz,
Gezer öýüñ daşynda.
Eger ki on ýaş geler,
Oglañkydan huş geler,
İýmek-içmek hoş geler,
Kuý köp bolar başynda.
On bäşe etse saly,
Galkar köñül hyýaly,
Çalar jahyllyk ýeli,
Juwan görner düýşünde.
Juwanlyk oda ýanar,
Oglankydan nyrh döner,
Her gün bir yşka müner,
Ol ýigrimi ýaşynda.
Gözüñ aldar sen mala,
Ugrar sen ham hyýala,
Güýjüñ geler kemala,
Otuza ulaşanda.
Jahyl bolan kem bolar,
Ne aña merhem bolar,
Kyrkda akyl jem bolar,
Adamzadyñ başynda.
Ýaş ellige gidende,
Bolar garry adynda,
Ölüm bolar ýadynda,
Sangy eder işinde.
Düşmüşem söwdaýa diýip,
Söwdaly gowgaýa diýip,
Geçdi ömrüm zaýa diýip,
Ah urar altmyşynda.
Ýetmişde läş kaklanar,
Jan jesetde saklanar,
Gaýgy-hasrat çoklanar,
Kösti bolar işinde.
Kuwwaty ýok tutanda,
Ynjalmaýyn ýatanda,
Ýaş segsene ýetende,
Tanymaz ugraşanda.
Çykmaz içerden daşa,
Bakmaz kowum-gardaşa,
Öli diýirler ol kişä,
Ýaş togsandan aşanda.
Magtymguly hümmeti,
Galmaz gadyr-gymmaty,
Pygamberiñ ummaty,
Hiç bolar ýüz ýaşynda.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.